ÖLÇEG

ÖLÇEG Дизайн-проект интерьера
Ремонт и отделка квартир, кот?

Restaurant design with unique style by  .design .build
18/12/2022

Restaurant design with unique style by .design .build

Islendik bir işde müşterileri nädip razy etmeli? 15 ýyllyk biznes tejribämden gazanan iň esasy dessurlardan biri, islend...
07/12/2022

Islendik bir işde müşterileri nädip razy etmeli?

15 ýyllyk biznes tejribämden gazanan iň esasy dessurlardan biri, islendik bir işe başlamazdan, hökman hemme şertleri doly detalno ýazyp iki taraply ylalaşmaly. Meselem dizaýn edip berjek bolsaňyz, ediljek dizaýn näçe wagta dynyp berjegiňi, bahasynyň näçeden boljagyny, dizaýn prossesini, we rewiziýa edäýen ýagdaýynda goşmaça çykdaýjyň boljagyna çenli hemme zady düşünşeniňizden soňra siz özüňize düşen borjy etmeli müşderi hem özüne düşen borjy hökman edýär.

Esasan hem gurluşyk edilende, hemme töleg şertleri we ullanyljak materiýallaryň atlary, markasy, sanlary, obýemlary we bahasy ýazylyp kliýende görkezilende, işiň soňunda mesele çykaýan ýagdaýynda-da dawa-jenjelsiz çözülýär.

Ýogsa iş gutaranda ýada tolege gelinende, “bu bahaň içinde şul hem ýokdumy?” ýada “gaty uzaga çekdi” diýen ýaly düşünişmezlikler köp bolýar.

Şoň üçin hökman ediljek işleriň hemmesini spisokda görkezmeli we şol spisokda bolmaýan işler ýüze çykaýan ýagdaýynda, goşmaça töleg talap ediljekdigini anyk düşündirmeli.

Siz nähili pikir edýäňiz şu mesele barada. Öz tejribeleriňizi paýlaşsaňyz, hem bize hem başgalaryna peýdasy deger.
Kommentariýalarda paýlaşmany ýatdan çykarmaly.

Islendik bir dizaýna nähili başlaýaryn…Bu Post hem öý eýelerine hem dizaýnerleri gyzyklandyrýarmyka diýýän😊Kliýentler ge...
04/12/2022

Islendik bir dizaýna nähili başlaýaryn…

Bu Post hem öý eýelerine hem dizaýnerleri gyzyklandyrýarmyka diýýän😊

Kliýentler gelip ilki bilen “täze bir restoran ýer aldym bet edip dizaýn edip bersene” ýada “täze jaý aljak bolýaryn gaty üýtgeşik dizaýn edip bersene” diýen ýali sorag bilen başlaýarlar☺️,

Bu postymda dizaýn we dizaýn prossesimizi gysgajyk aýdyp berjek, bu hem klientler uçin hem dizaýnerler uçin peýdaly bir maglumat bolup biler.

Ilki bilen dizaýn etdirmek isleýän, dizaýnera barmazdan OZAL nähili interýerde ýaşamak isleýändigini özüne sorasa gowy bolýar. Şeýle-de restoran hem bolsa kliýentler üçin nähili atmosfera döretmek ýada kliýentleriniň özlerini nahili duymaklaryny isleýändigini anyklaşdyrsa we şol soraglara jogap taýýarlasa, dizaýn prossesini çaltlaşdyrmaga kömek edýär.

Meselem “Öýe giremde bezegli bolmagyny isleýärin”, “klassikany doly duýup bolýan bolsun”, “serýozniý we strogiý, artykmaç zat islämok, ünsiňi bölýän zatlar gerek däl” hat-da “kuhnýamyň gapaklary hen tutawaçsyz bolsun” ýa-da “plintus hem gerek däl” ýaly islegleri hem özlerine belläp dizaynerlara aýtsa işi hem aňdatlaşdyrýar hem çaltlaşdyrýar.

Şular ýaly islegler anyk bolsa, dizaýner arkaýyn konsept çykaryp bilýär we kliýendiň isleglerine görä öýüne ýada ofisdyr restoranlaryna tapawutly çözgütler we ideýalar getirip görkezýär, bu prosedura biz konsept diýýäris, we şul konsept makullanandan soňra has detalno dizaýn prosessi başlanýar: razmer, reňk, we 3D göwrümde modelirowanýa, iň soňunda dizaýnlar tassyklanandan soňra - çyzgylar.

Şutaýda bir vajyp meseläni agzap geçmegimi möhüm görýärin, eýýäm 3D modilirowaniýe stadiýasynda kliýent düýpli üýtgetme girizip bilmeýär, eger girizmek isläýen ýagdaýynda-da 2 nji gezek doly toleg etmeli bolýar.
3D modilrowaniýe stadiýasynda diňe renk, material ýa-da kiçiräk detaller ýaly, aňsat üýtgedip bolaýjak, zatlarda reviziýa edip bolýar. Emma stili üýtgetmek eýýäm gaty köp wagt alýar we dizaýner hemme zady täzeden başlamaly bolýar.

Another completed restaurant project in the heart of KUALA LUMPUR.
13/11/2022

Another completed restaurant project in the heart of KUALA LUMPUR.

Iliňe ýurduňa peydaň degsin diyip ýetişdirdiler bizi. Kicilikden aňymyza guýulan bolmalydyr-da, hemişe “Name ish edemde ...
20/06/2022

Iliňe ýurduňa peydaň degsin diyip ýetişdirdiler bizi. Kicilikden aňymyza guýulan bolmalydyr-da, hemişe “Name ish edemde ilime, yurduma peydaly bolar?” diýen pikir bilen iş etdik.
Atam pahyr açlyk döwru kolhozyň malyny äkidip, adamsy fronta giden, çagalary açlykdan garny çişen aýala “Şu maly sagynyň, açlyk geçensoň, uruş gutaransoň yzyna getiräýersiň” diyip beripdir. Biz şular ýaly mysallar bilen ulaldyk.
Yaşulylarymyz bize “Näme işiň başyny tutsaňyzam birinji maksadyňyz pul bolmasyn, nädip il-güne has peydamyz deger diyen alada bilen ediň” diýen nesihatlary biziň durmuşymyzyň esasy kadasy, ýörelgämiz boldy. Goňşymyz ac yatyrka, bize dok yatmak gelishiksiz bolar  diýýäni elmydama añymyzdan çykmady.
Şeýle terbiýe berileninden hem hiç wagt ökünmedim gaýta elimden geldiginden öz çagalaryma hem şony maslahat berýärin.

One of our coming projects…  design .
18/06/2022

One of our coming projects… design .

Small but neat…design
02/06/2022

Small but neat…
design

Modern stilde dynç alyş otagy. .design Şu stil iň köp talap bildirilýän stillerden biri. Şeýle seredeňde aňsat ýada pros...
29/05/2022

Modern stilde dynç alyş otagy. .design

Şu stil iň köp talap bildirilýän stillerden biri. Şeýle seredeňde aňsat ýada prostoý görünmegi ahmal ýöne şu stiliň gurluşugy gaty kyn bolýar. Bu stil edil dizaýndaky ýaly gurjak bolsaň materýallary gaty gowy bilmeli, iň kyn gurmasy kyn bolan dizaýnlardan bir stil.

Siz üçin haýsy stil gowy?
Klassika ? Modern ?



Biziň üçin açyk ýagty reňkler hemme wagt inyerýerde uly ýer tutýar. Ýagty reňkler adamyň göwnini açyşy ýaly durmuşyna he...
11/03/2022

Biziň üçin açyk ýagty reňkler hemme wagt inyerýerde uly ýer tutýar.

Ýagty reňkler adamyň göwnini açyşy ýaly durmuşyna hem begenç we şadyýnlyk getirip bilýär. Ýapyk reňkler başda owadan görünse hem wagtyň geçmegi bilen çalt ýadadyp bilýär.

Şoňa garamazdan garamtyl reňkleri saýlaýan adamlar hem bolýar, şonuň üçin ýagty reňkiň arasyna belli bir bölekleri garamtyl reňk bilen garyp hem bolýar.

Siz üçin haýsy reňkler has ýakymly?design

Bright colors for us always have a big place in the interior.

Bright colors can bring joy and happiness to a person’s life as much as they please.

Even if the indoor colors look beautiful at first, they can get tired quickly over time.

However, there are also people who choose dark colors, for which certain parts of the light color are also poor with dark colors.

Which colors are most pleasant for you?

••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••

Оцените наш новый дизайн санузла ресторана. Our new project for Al Bayt Restaurant.  . Feel free to comment and share wi...
02/03/2022

Оцените наш новый дизайн санузла ресторана.

Our new project for Al Bayt Restaurant. .

Feel free to comment and share with your friends.

Address

Suria @ North Kiara
Kuala Lumpur
51200

Opening Hours

Monday 09:00 - 17:00
Tuesday 09:00 - 17:00
Wednesday 09:00 - 17:00
Thursday 09:00 - 17:00
Friday 09:00 - 17:00
Saturday 09:00 - 17:00

Telephone

+60173358780

Alerts

Be the first to know and let us send you an email when ÖLÇEG posts news and promotions. Your email address will not be used for any other purpose, and you can unsubscribe at any time.

Contact The Business

Send a message to ÖLÇEG:

Share